Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainanyň Donetsk sebitinde guran hüjümlerinde ençeme adam ýogaldy
“Uly kitabyň” ýeňijileri yglan edildi
Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Ikinji tapgyry geçiriler