Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy

Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy

Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI (Ýozef Ratsinger) şu gün 95 ýaşynda aradan çykdy. Nemes kardinaly Ýozef Ratsinger 2005-nji ýylda özünden öňki Papa Ioann Pawel II ýurduny täzeländen soň tagta çykdy. Ol özüne Benedikt XVI diýen ady aldy. Bu barada UzDaily.uz saýty habar berdi.

2013-nji ýylda ol ömür salynyň birçene barandygy hem-de saglyk ýagdaýy sebäpli tagtdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Onuň tagtdan ýüz öwürmegi Watikanda soňky 600 ýylyň dowamynda ilkinji gezek boldy.

Benedikt XVI soňky ýyllar Watikanyň baglaryndaky Mater Ecclesiae diýlen kiçijik monastyrda ýaşady diýip, RIA Nowosti ýazýar. Häzirki pontifik Fransisk onuň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häli-şindi ýanyna barýardy.

Benedikt XVI nemes, italýan, latyn, iňlis we ispan dillerinde erkin gürleýärdi, gadymy grek we iwrit dillerine suwarady.

Mundan birnäçe gün ozal Rim Papasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary