Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wideoaragatnaşyk arkaly Uly ýediligiň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wideoaragatnaşyk arkaly Uly ýediligiň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar

Uly ýediligiň (G7) daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşylar. Degişli mesele Uly ýediligiň (G7) daşary işler ministrleriniň 7-8-nji noýabrda Tokioda geçiriljek duşuşygynyň gün tertibinden orun alar. Bu barada Al Jazeera habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 8-nji noýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň hem daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Uly ýediligiň, ýagny Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň gepleşiklerine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Uly ýediligiň Hökümetleri soňky aýlarda Merkezi Aziýa sebitindäki döwletler bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Şol maksat bilen geçen hepdede Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Gazagystanda we Özbegistanda saparda boldy. Şeýle-de, 2024-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň sebite sapar bilen gelmegi meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy