Türkmenistanyň deňiz gämisiniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça Weichai iženerçilik korporasiýasy bilen maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň deňiz gämisiniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça Weichai iženerçilik korporasiýasy bilen maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy Weichai iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri myhmanlary Balkan gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleridir ýokary tehnologiýaly önümleriň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar, esasan hem, zawodyň häzirki zaman önümçilik infrastrukturasyny we ösen tehnologiýalaryny aýratyn bellediler. Şeýle hem taraplar gelejekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Saparmyrat Niýazow gämisini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar gämi enjamlarynyň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdrilmegini göz öňünde tutup, esasy hereketlendirijileriň we dizel hereketlendirijileriň çalyşmagyň dürli ugurlaryna garadylar.

Mundan başga-da, myhmanlar Saparmyrat Niýazow gämisine baryp gördüler, döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini jikme-jik öwrendiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Nazir Habibow ýene-de neşe bilen saklandy
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy'
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär
Ýolbaşçylar ýüzünde Berdimuhamedowlaryň suraty bolan goşar sagatlaryny satyn almaga mejbur edilýär