Türkmenistanyň deportasiýasyny talap edýän Ahmet Jumadurdyýewi Sankt-Peterburgda sakladylar

Türkmenistanyň deportasiýasyny talap edýän Ahmet Jumadurdyýewi Sankt-Peterburgda sakladylar

24-nji ýanwarda gündiz sagat 12 töweregi Sankt Peterburgyň “Çkalowaskaýa” metro duralgasyndaky resminama barlagy wagtynda Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew saklandy diýip adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” habar berýär.

Jumadurdyýewiň sözlerine görä, prokuratura işgäri sorag eden wagtynda onuň tutulmagynyň bir sebäbiniň halkara gözlegde bolmagydygyny habar berdi.

Bar bolan maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň ýörite gulluklary Jumadurdyýewi dini äheň bilen gözlemegi gurnadylar. Türkmen häkimiýetleri Jumadurdyýewe resmi däl dini toparyň işi boýunça 2017-nji ýylda gözleg yglan edipdi. Şol ýylyň dekabrynda ony Peterburgyň Pulkowa howa menzilinde tutdylar. Mundan bir ýyl soňra, Ahmedi boşatdylar. Sebäbi, prokuratura ony bermek üçin hiç bir esaslary tapmandy.

Türkmenistanda Ahmediň agasy-Arslan Jumadurdyýewi dini ekstremizm bilen ilteşikli toslama aýyplama bilen 25 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm etdiler.

Geçen ýylyň iýulynda Ahmet Estonýadan baş pena soramak üçin Narwa derýasyndan ýüzüp, rus-eston serhedinden bikanun geçipdi. Ýöne, ony Russiýa yzyna ýolladylar.

2021-nji ýylyň oktiýabrynda, onuň deportasiýasy we 2055-nji ýyla çenli Russiýa girmegi gadagandygy barada karar berilenden soňra Ahmet Jumadurdyýewi daşary ýurtlylar üçin wagtlaýyn merkeze ýerleşdirdiler.Emma, Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Sudy 39-njy Düzgünnamany ulanyp, Ahmediň deportasiýasyny ýatyrdy.The post Türkmenistanyň deportasiýasyny talap edýän Ahmet Jumadurdyýewi Sankt-Peterburgda sakladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy
TÝL ― 2022: Merw Mary derbisinde Energetigi kiçi hasap bilen ýeňdi
Derbiler tapgyrynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy, “Ahal” aratapawudy 7 utuga ýetirdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“2023 Toyota Prius” tanyşdyryldy