Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärçilikli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Agzalan resminama boýunça göz öňünde tutulan çäreler, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugyny ilerletmäge, ilatyň aýratyn kömege mätäç toparlaryna goldaw bermäge hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işini berkitmäge gönükdirilen maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik hukugyna syýasy ygrarlylygyny güýçlendirmäge gönükdirilen Bütindünýä başlangyjyna goşulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meselä hem aýratyn üns berildi.

Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerinden zyýan çeken döwletlere yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilýändigi hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen şeýle ýurtlaryň ilatyna, şol sanda goňşy Owganystana yzygiderli berilýän ynsanperwer kömegi aýratyn bellenildi.

Taraplar Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigi tassyklandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň ynsanperwer gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy
Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
Eýran global ynsanperwerlik meselelerinde Gyzyl Haçyň bitaraplygyny nygtaýar
Russiýa we Ukraina Stambul ylalaşygyna laýyklykda wepat bolan ýüzlerçe esgeriň jesetlerini çalyşdyla