Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirdi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine iň ýokary derejedäki saparlaryň möhüm itergi berýändigi bellenildi.Taraplar iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, hususan-da BMG ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýändigini hem bellediler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Pekinde Türkmen-hytaý işewürler forumynyň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi