2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini bellediler.Hususan-da, döwletara dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.
Ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.Iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
