Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şol sanda abraýly maliýe institutlary we karz-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda ýurduň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.Halkara GündogarGünbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy bu ugurda başlangyçlara gatnaşmak boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi.Bu babatda durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝTÖB özara düşünişmek hakynda bäş Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň Buker baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Demirgazyk Günorta we Gündogar Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary boýunça işlerini dowam etdirer