Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar we telekeçiler üçin Internet-banking hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar we telekeçiler üçin Internet-banking hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar hem-de telekeçiler üçin Internet-banking hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär.

Internet banking diňe bir bütin Türkmenistanyň çäginde uzak aralykdan milli we daşary ýurt walýutasynda tölegleri geçirmäge däl, eýsem, islendik wagtda hasabyňy dolandyrmaga, pul serişdeleriniň hereketini yzarlamaga, öz maliýe amallaryň taryhyny görmäge we hasabyňdaky balansdan hemişe habarly bolup durmaga mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de internet bankingiň kömegi bilen işgärleriň bank kartlaryna aýlyk haklaryny geçirmek üçin töleg resminamalaryny kadalaşdyryp bolýar.

Internet bankingiň köpsanly peýdaly aýratynlyklarynyň hatarynda — geleşigiň ygtybarlylygynyň ýokary derejesini, hasabyňdaky galyndyny görmek mümkinçiligini bellemek bolar.

Internet-banking hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýuridiki şahslaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 32-nji jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin şu salgylanma geçiň.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 40 60 08.

Elektron poçta salgysy: tveb@online.tm

Ýene degişli makalalar

"Rysgal" banky Owerdraft hyzmatyny hödürleýär
01.01.2021 | Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler
Sanly ykdysadyýet ösüşiň innowasion ýoly
Türkmenistanda zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy, Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny işjeň ulanyjylaryň sany artýar, Köneürgenç meteoritiniň 25 ýaşy dolýar we beýleki habarlar
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, Demirýollary otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar