Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2020-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Ir bilen milli Liderimiz awtoulagda Garagum sährasynyň çägeli ýollary bilen neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze topluma tarap ugrady. ...Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdan 100 kilometre golaý demirgazykda bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen toplumyň ýanyna geldi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa täze toplumyň açylyşyna görlen taýýarlyk işleri hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakmak üçin taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň birnäçe toplumyny halkara kadalaryna laýyklykda gurlan hem-de olaryň doly ýok edilmegini kepillendirýän pejiň alawlap duran odunyň içine atdy.Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, neşe önümlerini we psihotrop serişdeleri ýakmak çäresine gatnaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, onuň öň ýanynda Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýol etmek üçin niýetlenen täze toplumyny açyp, ulanmaga berdik diýip belledi.

Milli Liderimiz bu ýerde türkmençilige gelişmeýän ýowuz bela bolan neşe serişdeleriniň 122,5 kilogramdan gowragynyň ýakylyp ýok edilendigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi.

Ol hasabat döwründe Ýaragly Güýçleriň harby düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.Içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginde ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler barada hasabat berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de on bir aýda kazyýet ulgamyny halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmek, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew bu düzümiň degişli döwürde amala aşyran işleriniň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen çäreler barada hasabat berdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy- hukuk namalarynyň berjaý edilişini seljermek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew şu ýylyň geçen on bir aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalary amala aşyrmagyň aýrylmaz şerti bolan jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow ýanwar-noýabr aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlaryň we wezipeleriň depginli ýerine ýetirilişine ýardam etmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň netijeli işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de birkemsiz gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degerli gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu edaranyň işiniň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz harby gullukçylary döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow geçen on bir aýda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, harby gullukçylaryň hem-de harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek, Milli goşunymyzyň hünärmenler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, Belent Serkerdebaşymyz Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatyndaky meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmegi, tabşyryklary öz wagtynda we birkemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi