Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berdi.Ol gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda geçirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz garamagyndaky düzümleriň tabşyryklary öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýanwar — maý aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bellenilen maksatlara laýyklykda we netijeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýyna seljerme geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipeleriniň içeri syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyna ünsi çekip, kabul edilen maksatnamalaryň, amala aşyrylan iri taslamalaryň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bellenilen işleriň kesgitlenilen möhletlere laýyklykda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy, şeýle hem hasabat döwründe işleri kämilleşdirmek, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, tomus möwsüminde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýän raýatlara degişli resminamalary bermek boýunça döredilen toparyň alyp barýan işi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, şol sanda sanly ulgamy peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak, oňyn tejribäni ulanmak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmek gerek diýip belledi.

Bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler şahsy düzümiň üstüne aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär diýip, milli Liderimiz işgärleri taýýarlamak, ähli migrasiýa çärelerini geçirmek üçin halkara ölçeglere kybap gelýän şertleri döretmek meselelerine yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýän raýatlaryň hasabyny ýöretmek wezipesi tabşyrylan ýörite toparyň alyp barýan işi, şeýle hem degişli talaplara laýyklykda çykyş resminamalarynyň hasaba alnyşy berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan bu düzümiň edaralaryny serhediň üstünden geçirilýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrmak üçin niýetlenilen häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu gün Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň geostrategik ornunyň barha ýokarlanýandygyny belledi. Işiň möçberleriniň artýandygy bilen baglylykda, bu gullugyň üstüne ýüklenilen ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hemişe seljermeleri geçirmegiň hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini belledi. Ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, täze kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, işde täze usulyýetleri peýdalanmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketine ýardam bermelidigini aýdyp, ministre halkara hukugyň kadalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça alnyp barlan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň üstüne berkarar Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini, döwletimiziň serhetleriniň ähli goňşy ýurtlar bilen dostluk serhetleri bolmalydygyny nygtady, bizi bu ýurtlaryň halklary bilen köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin ähli şertleri döretmek boýunça wezipeleri möhüm işleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degişli döwürde işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmak, işgärler tarapyndan bu ugurda häzirki zaman usullaryny hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asuda durmuşyň üpjün edilmeginiň ata Watanymyzyň durnukly ösüşiniň ygtybarly binýadydygyny belledi. Ýetilen uly sepgitler hem-de gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiz MHM-iň üstüne ýüklenilen aýratyn jogapkärli wezipä hem-de bu düzümiň işgärleriniň öňde durýan wezipeleri çözmekde ägirt uly jogapkärçiligine ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem kazyýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de olary gündelik işde peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, garalýan işler boýunça subutnamalaryň düýpli we hemmetaraplaýyn seljerilmegi esasynda hem-de hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, adalatly çözgüdiň çykarylmagynyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hukuk düzgün-tertibini üpjün etmek, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ulag gatnawlarynyň hereketini sazlaşdyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýangyn howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrýan ýörite müdiriýetiň geçiren çäreleri barada-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işleriniň esasy ugurlarynyň kanunylygy üpjün etmekden hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almakdan ybaratdygyny belläp, ministre bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin netijeli usullary hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň peýdalanmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada düşündiriş-wagyz häsiýetli çäreleri yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda degişli Karara gol çekip, içerki gullugyň podpolkownigi J.Nuraýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin içeri işler ministri M.Çakyýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.

Baş prokuror B.Atdaýew 2021-nji ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzda kanunçylygy berjaý etmek ugrunda geçirilen gözegçilik işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli fiziki we ýuridik taraplaryň kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk hem-de ýokary derejede ýerine ýetirilmegini gazanmagyň bu edaranyň baş wezipesidigini belledi. Şundan ugur alnyp, kanunyň rüstemligini, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragyny üpjün etmek maksady bilen talabalaýyk çäreler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Her bir seljerilýän işe jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigi barada aýdyp, milli Liderimiz Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ýylyň başyndan bäri döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli goşuny häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy ugurlaryny takyk ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleri ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen geljekde hem yzygiderli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Goranmak ministrine şu ýyl giňden bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek boýunça aýratyn görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, tomus möwsüminiň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň bolsa adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Adam bedeninde teşneligiň artmagy onuň umumy saglyk ýagdaýyna täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şahsy düzümleriň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli tebigatda ýangyn döremegiň mümkindigini nazara alyp, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeňleşdirilmelidir. Elektrik geçirijilerde ýangynyň ýüze çykmak mümkinçiliklerini nazara alyp, ilatly ýerlerde ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30503?type=feed

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi