Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen iş duşuşygy geçirildi

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hirosi Sasaki bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi barada nygtaldy. Taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň orny barada aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Eýran — Türkmenistan oýnuna ýaponiýaly referi eminlik eder
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi
Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler
Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi