Türkmenistanyň dokma kärhanalary behişdi bedewleriň şekili ýerleşdirilen sowgatlyk toplumlary taýýarlady

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany şygary astynda geçýän ýylyň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýylyň nyşany ýerleşdirilen täze önümleri hem-de rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň şekilleri bilen bezelen özboluşly sowgatlyk ýassyk-ýorgan daşlyk toplumlaryny öndürdi.

Bu önümleriň esasy aýratynlygy 3D täsirli kupon nagyş tehnologiýasynyň ulanylmagydyr.Täze ýassyk-ýorgan daşlyk toplumlary ýokary derejeli, kaşaň görnüşe degişli bolup, olar diňe 100 göterim pagta ýa-da satin ýaly ýokary hilli çig mallardan taýýarlanýar. 3D täsiri ýörite boýaglaryň ulanylmagy arkaly gazanylýar.

Bu boýaglar şekillere göwrümli we hakyky görnüş berýär.Köp gezek ýuwulanyndan soň hem matadaky şekiller öz durkuny üýtgetmeýär we reňkleriniň öwüşginini saklap galýar.Mundan başga-da, mata ýokary gigroskopik häsiýetleri bilen tapawutlanýar, eliňe degende gurak duýulýar hem-de goşmaça rahatlygy üpjün edýär. Şeýle ýassyk-ýorgan daşlyklaryna seredeniňde, şekilleriň göwrümli we hakyky ýaly görünýändigi göze ilýär. Şeýle hem olary elläp göresiň gelýär.

Turkmentextile Expo 2026 atly halkara sergi-ýarmarkasynda bedewleriň şekillerinden başga-da dürli 3D çap edilen nagyşlar görkezildi.Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň wekiliniň sözlerine görä, toplumy döredenler türkmen halkynyň asyrlardan gelýän däp-dessurlaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagy maksat edinipdirler.

Her bir toplum diňe bir dokma önümi däl, eýsem, medeni mirasymyza bolan buýsanjyň nyşanydyr.Rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň keşplerini ulanyp, biz döwrüň ruhuny we milli estetikany mata ýüzünde janlandyrýarys.

Täze sowgatlyk toplumlaryny eýýäm Altyn asyr täjirçilik merkezinden satyn alyp bolýar.Olar islendik öýüň bezegine öwrülip, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny hem-de milli öndürijileriň ussatlygyny özünde jemleýän ajaýyp sowgat bolar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady
Turkmentextile Expo 2026 sergisinde Miras modalar öýüniň görkezmesi boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi