Türkmenistanyň Eýrandan nebit däl önümleriniň importy 103% ýokarlandy

Türkmenistanyň Eýrandan nebit däl önümleriniň importy 103% ýokarlandy

Eýrandan şu ýylyň birinji çärýeginde (Eýran senenamasyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli döwür) Türkmenistana ýurduň Horasan Razawi welaýatyndaky Lotfabad serhet geçelgesinden daşalan nebit däl harytlaryň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103 göterim ýokarlandy. Bu barada Lotfabad serhet geçelgesiniň başlygy Gurban Karriminiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistana 77,53 million ABŞ dollaryna deň bolan (107,500 tonna) haryt eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38,17 million ABŞ dollary köpdür.

Eýrandan Türkmenistana eksport edilýän esasy harytlaryň arasynda gurluşyk daşy, gurluşyk materiallary, dürli görnüşli ýükler we azyk önümleri bardyr.

Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçileri 17-nji iýunda Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda geçirilen “Eýranyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahatynda özara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistan we Eýran adaty ýük gatnawyny gaýtadan dikeldýär
Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar
“Türkmenhimiýa” DK dürli görnüşli wagonlary satyn alar
FLO dükany erkek we zenan aýakgaplarynyň ähli görnüşleriniň bahalaryny arzanlatdy
FLO aýakgap dükany bäş günlük aksiýa yglan edýär