Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyň üçünji tapgyryna badalga berilýär

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyň üçünji tapgyryna badalga berilýär

Şu gün paýtagtymyzyň Nusaý stadionynda Arkadag topary bilen Merw toparynyň arasyndaky 15-nji tapgyryň duşuşygy bilen Ýokary ligasynyň futbol toparlarynyň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň möwsümindäki Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyryna badalga berilýär. Ýaryşyň jemleýji ikinji ýarymy hem çempionlyk ugrundaky, hem-de baýrakly orunlar ugrundaky bäsleşikde aýgytlaýjy bolar diýlip garaşylýar. Çempionatyň täze tapgyryna ýurdumyzyň häzirki çempiony Arkadag topary 42 utuk bilen ýaryş meýdançasynyň doly hukukly öňbaşçysy hökmünde gelýär.

Wladimir Baýramowyň tälimçilik edýän topary durnukly oýun görkezip, ýalňyşlyklara tas ýol bermeýär we özüniň iň ýakyn yzarlaýjylary bolan Ahal we Altyn asyr toparlaryndan degişlilikde 12 hem-de 13 utuk öňde barýar.

Geçen 14-nji tapgyrda Arkadag toparynyň futbolçylary öz meýdançasynda paýtagtymyzyň Köpetdag toparyny 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňdiler.Birinji ýarymyň ahyrynda, goşulan birinji minutda Meýlis Diniýew hasaby açdy, arakesmeden soň bolsa meýdança eýeleriniň artykmaçlygyny Abdy Bäşimow (61-nji minut) hem-de 85-nji minutda jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Resul Hojaýew berkitdiler.

Bu ýeňiş çempionatyň öňbaşçysyna nobatdaky çempionlyk ugrundaky bäsleşikde ýokary depgini saklamaga mümkinçilik berdi.Tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň biri ahallylaryň 4:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan Ahal we Aşgabat toparlarynyň arasyndaky duşuşyk boldy.

Janköýerler derwezelere girizilen ýedi topy we jemleýji minutlara çenli dowam eden dartgynly bäsleşigi gördüler.Duşuşygyň baş gahrymany 8-nji we 74-nji minutlarda dubl eden Ýakupmuhammet Gowşudow boldy, ýene-de bir goldan Ruslan Priýew (15-nji minut) we Bäşim Gurbanberdiýew (68-nji minut) öz hasabyna ýazdyrdylar.

Utulan topardan Merdan Muhadow (jerime urgydan 13-nji minut we 73-nji minut) hem-de Şyhdurdy Amandurdyýew (42-nji minut) tapawutlandylar.Bu ýeňşiň saýasynda Eziz Annamuhammedowyň topary ýaryş meýdançasynda eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumy stadionynyň meýdançasynda Balkanabadyň Nebitçi toparyndan 4:2 hasaby bilen üstün çykan Altyn asyr topary hem öňdebaryjy orunlar ugrundaky göreşi dowam etdirýär. Ýeňijileriň düzüminde 9-njy we 54-nji minutlarda Röwşengeldi Halmämmedow dubl etdi, ýene-de bir goldan Myrat Annaýew (22-nji minut) we Begmyrat Baýow (57-nji minut) geçirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Hydyr Agöýliýewden (79-njy minut) we Abdymuhammet Begjanowdan (89-njy minut) geçirilen iki topa garamazdan, paýtagtymyzyň topary duşuşygy ynamly ýeňiş bilen tamamlady we öňbaşçylaryň toparyndaky ornuny saklady.

Maryda ýerli Merw topary Türkmenbaşynyň Şagadam toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, öz janköýerlerini begendirdi. Şöhrat Öwmadowyň (65-nji minut) hem-de 76-njy minutda jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Mekan Ýazmyradowyň gollary meýdança eýelerine möhüm üç utugy getirdi.

Oýun dartgynly we hüjümlere baý boldy: emin köp sanly sary kartoçkalary görkezdi, muňa garamazdan, 35-nji minutda Merw toparyndan Kemal Annamuhammedow hem-de 37-nji minutda iki sary kartoçka üçin Şagadam toparyndan Azizbek Bekçanow meýdançadan çykarylandan soň, iki topar hem duşuşygy on oýunçy bilen tamamlady.

Hüjümçileriň bäsleşiginde soňky dört milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi, Arkadag futbol toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew öňdeligi saklaýar.Onuň hasabynda girizilen 12 top bar (3-si jerime urgydan).Ikinji orunda onuň topardaşy Resul Hojaýew durýar, onuň hasabynda 7 gol bar (2-si jerime urgydan). Üçünji tapgyryň başlanmagy janköýerlere köp sanly gyzykly pursatlary sowgat etmegi wada berýär. Çempionlyk ugrundaky bäsleşikden başga-da, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň toparçalaýyn ýaryşlarynda halkara meýdançasynda Türkmenistana wekilçilik etmäge mümkinçilik berýän kümüş we bürünç medallar ugrundaky bäsleşikde hem çynlakaý bäsleşige garaşylýar. Ýakyn günlerde esasy üns 12-nji awgustda AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň saýlama öý duşuşygynda Hindistanyň Goa topary bilen oýnajak Arkadag toparyna beriler.

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmagy eýýäm özüne üpjün eden Ahal topary üçin hem çempionatyň duşuşyklary halkara möwsüminiň başlangyjynyň öňüsyrasynda oýun sport formasyny saklamak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Milli birinjiligiň üçünji tapgyry Ýokary liganyň ähli gatnaşyjylary üçin hem köp babatda kesgitleýji bolar.Edil öňümizdäki tapgyrlarda Arkadag toparynyň ýurdumyzyň iň güýçli topary diýen derejesini ýene bir gezek tassyklajakdygy ýa-da onuň yzarlaýjylarynyň çempiona altyn medallar ugrundaky göreşde bäsleşip biljekdigi aýdyň bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer
Köpetdag futbol toparynyň ýeňişleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
“Köpetdag” täze möwsümiň öňüsyrasy düzümine oýunçy goşdy