2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer

2-nji awgustda paýtagtymyzyň Nusaý stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler.Abraýly kubok üçin döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän Arkadag futbol topary bilen Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahal topary güýç synanyşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Naýbaşy Kubok 2005-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda oýnalýar. Şu güne çenli bu kubogy Altyn asyr topary sekiz gezek, Balkan we HTTU toparlary üç gezekden gazandy.

Arkadag topary iki gezek, Ahal, Aşgabat we Merw toparlary bolsa bir gezekden Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldular.Arkadag şäheriniň topary geçen möwsümdäki üstünlikli çykyşynyň netijesinde şu möwsümiň üçünji iň möhüm baýragy ugrunda göreşmäge hukuk gazandy.

Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda topar yzly-yzyna üçünji gezek altyn dubl gazanyp, Türkmenistanyň çempionatynda hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy.Arkadag topary milli ýaryşlaryň ikisinde-de ýeňiş gazanandygy sebäpli, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygynyň ikinji gatnaşyjysy hökmünde geçen möwsümde Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykan Ahal topary saýlandy. Şu ýyl Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň toparyna täze baş tälimçi Eziz Annamuhammedow ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soň Ahal topary 30 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär.Ondan bir utuk yza galýan Altyn asyr topary 29 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşýär. Çempionatyň öňbaşçysy Arkadag topary bolsa 42 utuk bilen sanawyň başynda ynamly öňdeligini saklaýar.

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda iki topar üçin hem möhüm synag bolar. Şu ýyl olaryň ikisi hem Türkmenistanyň adyndan Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) toparçalaýyn ýaryşlaryna gatnaşar.

Ahal topary güýzde AFK-nyň yklymyň güýç derejesi boýunça üçünji topar ýaryşy bolan Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.Arkadag topary bolsa 12-nji awgustda öz meýdançasynda Hindistanyň Goa toparyny kabul edip, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda saýlama duşuşygyny geçirer.

Bu ýaryş Aziýanyň topar futbolynda ähmiýeti boýunça ikinji orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy
Arkadag futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň Goa topary bilen bäsleşer
Arkadag futbol topary Hindistanyň Goa toparyny uly hasap bilen ýeňip, eýýäm iki ýyl yzygiderli AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy
Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Arkadag futbol toparynyň Andijon topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky duşuşygy deňme-deň tamamlandy