Arkadag futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň Goa topary bilen bäsleşer

Arkadag futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň Goa topary bilen bäsleşer

Arkadag futbol topary halkara meýdançasyndaky nobatdaky möhüm synagynyň öňüsyrasynda dur.Türkmenistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27 möwsüminiň deslapky saýlama tapgyrynda öz meýdançasynda Hindistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolan Goa topary bilen duşuşyp, toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda bäsleşer.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) geçiren bije çekişliginiň netijesine görä, duşuşyk 12-nji awgustda Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda geçiriler.Bir duşuşykdan ybarat bolan saýlama oýnuň ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar. Ýeňlen topar bolsa halkara möwsümini AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.

Türkmen topary täze Aziýa möwsümine halkara ýaryşlarynda gazanan baý tejribesi bilen girişýär.Arkadag topary 2024/25 möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolup, öz taryhyndaky ilkinji halkara topar kubogyny gazandy.

Bu üstünlik oňa 2025/26 möwsüminde AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Şol möwsümde topar tapgyrynda ýedi utuk toplap, öz toparynda ikinji orny eýelän Arkadag topary utulan-çykdy tapgyryna çykmagy başardy.

Aziýanyň toparçalaýyn ýaryşlarynyň täze möwsüminde Türkmenistanyň eýýäm AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyşy üpjün edildi.Bu hukuk 2025-nji ýylyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi bolan Ahal futbol toparyna degişlidir.

Indi bolsa türkmen futbolynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda hem wekili bolmagy üçin Arkadag toparynyň Goa toparyny ýeňmegi zerurdyr.Garaşylýan duşuşyk türkmen toparlarynyň Hindistanyň toparlary bilen üstünlikli garşydaşlygynyň dowamyna öwrüler diýen umyt bar.

Soňky ýyllarda türkmen toparlary hindi toparlarynyň garşysynda birnäçe möhüm ýeňiş gazandy. 2018-nji ýylda Altyn asyr topary AFK-nyň Kubogynyň ugrundaky ýaryşyň sebitara ýarym finalynda Bengaluru toparyny iki duşuşygyň jemi boýunça 5:2 hasabynda ýeňdi. 2024-nji ýylyň awgustynda paýtagtymyzyň topary Kalkuttada geçirilen AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň saýlama duşuşygynda Ist Bengal toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Birnäçe aýdan soň bolsa Arkadag topary Hindistanyň şol bir toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalyndan çykardy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň sentýabrynda Ahal topary Kalkuttada Hindistanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Mohun Bagan toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýle-de bolsa, geljekki garşydaşa biperwaý garamak bolmaz.

Goa topary Hindistanyň Naýbaşy kubogynyň finalynda Jamşedpur toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda çykyş etmek hukugyny gazandy.Mundan başga-da, geçen möwsümde topar Omanyň Al-Sib toparyny ýeňip, saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi hem-de ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmek tejribesini toplady.

Türkmenistanda geçiriljek bu duşuşyk Arkadag topary üçin häzirki möwsümiň iň möhüm oýunlarynyň biri bolar.Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary ýeňiş gazansa, ýene-de Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň arasynda AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik alar. Ýeňlişe sezewar bolan ýagdaýynda bolsa, halkara möwsümini AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry sentýabr aýynda başlanar. Şol sebäpli 12-nji awgustda geçiriljek duşuşykda Arkadag toparynyň Türkmenistanyň adyndan Aziýanyň ikinji derejeli iň abraýly topar ýaryşynda ýene-de çykyş edip-etmejekdigi belli bolar. 2026/27 möwsümindäki AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşy Aziýanyň topar futbolyndaky ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryşyň 23-nji möwsümi we AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ady bilen geçirilýän üçünji ýaryş bolar.

Toparçalaýyn tapgyrynda jemi 32 topar çykyş eder. Ýaryşyň ýeňijisi, eger milli çempionatdaky netijeleri arkaly eýýäm ýollanma almadyk bolsa, 2027/28 möwsümindäki AFK-nyň Naýbaşy Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary Hindistanyň Goa toparyny uly hasap bilen ýeňip, eýýäm iki ýyl yzygiderli AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer
Arkadag futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy
Arkadag we Goa toparlarynyň tälimçileri AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda ýeňiş gazanmaga taýýardyklaryny aýtdylar
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyň üçünji tapgyryna badalga berilýär
Ne gol geçirýär, ne-de gol geçirdýär 4 duşuşygy hem golsuz tamamlandy