Arkadag we Goa toparlarynyň tälimçileri AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda ýeňiş gazanmaga taýýardyklaryny aýtdylar

12-nji awgustda Arkadag şäheriniň stadionynda AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň Arkadag futbol topary bilen Hindistanyň Goa toparynyň arasynda duşuşyk geçiriler.Sagat 20:00-da başlanjak oýnuň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda toparlaryň baş tälimçileri garaşýan netijeleri barada gürrüň berdiler.

Tälimçiler öz toparlarynyň diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdança çykjakdyklaryny nygtadylar.Goa toparynyň baş tälimçisi Gouramangi Singh garşydaşyň oýnunda ýokary depginiň we topa eýe bolmagyň esasy aýratynlyklaryny belledi.Ol öz toparynyň muňa çalt we dikleýin hüjümler bilen garşy durmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Hindistanly tälimçi howa şertleriniň nähili boljakdygyna garamazdan, futbolçylarynyň oňyn netije gazanmak üçin ähli güýjüni sarp etmäge taýýardygyny nygtady. Öz gezeginde Arkadag toparynyň tälimçisi Mergen Orazow möwsümiň öňüsyrasyndaky taýýarlygyň ýokary derejede geçirilendigini we futbolçylaryň häzirki wagtda gowy ýagdaýdadygyny aýtdy.

Toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan öňki üstünligini ýatladan Mergen Orazow Arkadag toparynyň maksadynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmakdygyny belledi.Ol türkmen toparynyň duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan başlap, soňky minutlaryna çenli ýeňiş ugrunda göreşjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary Hindistanyň Goa toparyny uly hasap bilen ýeňip, eýýäm iki ýyl yzygiderli AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer
Arkadag futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň Goa topary bilen bäsleşer
Arkadag futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyň üçünji tapgyryna badalga berilýär
Ne gol geçirýär, ne-de gol geçirdýär 4 duşuşygy hem golsuz tamamlandy