Arkadag futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy

Arkadag futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy

Arkadag futbol topary yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy.Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän topar Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda Ahal toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu üstünligi gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan 2005-nji ýylda esaslandyrylan Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk her ýyl ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirilýär.Geçen möwsümde Arkadag topary Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogynyň ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy.

Ahal topary bolsa ýurduň Kubogynyň finalçysy hökmünde Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyga gatnaşdy.Milli derejede üçünji ähmiýetli baýrak ugrundaky duşuşyk Aşgabat şäherindäki Nusaý stadionynda geçirildi.Duşuşykdaky hasaby 19-njy minutda Rahman Myratberdiýew açdy.

Ikinji ýarymda üç gezekki Türkmenistanyň çempionynyň artykmaçlygyny 57-nji minutda Begenç Akmämmedowyň we 79-njy minutda Şanazar Tirkişowyň geçiren gollary berkitdi.Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän Arkadag futbol topary 2023-nji ýylda döredildi.

Topar ilkinji möwsüminde hem Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy. Şeýle hem döredilen gününden bäri milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda heniz bir utuk hem ýitirmedi.Soňky iki möwsümde bolsa topar ýurduň çempionlygy, Kubogy we Naýbaşy Kubogyny gazanyp, üç baýragyň eýesi boldy.

Indi bolsa yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy.Bu üstünlige Arkadag toparyny toparyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi, 2003/04 möwsümde Groznynyň Terek toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogynyň, 2013-nji ýylda bolsa Balkan topary bilen AFK-nyň Prezident Kubogynyň eýesi bolan Wladimir Baýramow alyp geldi.

Gyzykly tarapy, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň geçirilen güni onuň 46 ýaşy doldy.Geçen ýylyň maý aýynda Arkadag topary Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň kubogyny gazanypdy.

Finalda topar Kambojanyň Preah Khan Reach Svay Rieng toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýle hem sentýabr aýynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminde ilkinji gezek çykyş edip, utulan-çykdy tapgyryna çenli baryp ýetdi. 1/8 final duşuşygynda Saud Arabystanynyň Al-Nassr toparyndan iki gezek hem 0:1 hasabynda utuldy.

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky bu duşuşyk Arkadag topary üçin 2026/27 möwsümdäki AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda 12-nji awgustda Hindistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi Goa toparyna garşy geçiriljek öz meýdançasyndaky oýnunyň öňüsyrasynda möhüm synag boldy.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanylsa, Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýene-de AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder. Ýeňliş ýagdaýynda bolsa, topar halkara möwsümini Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary Hindistanyň Goa toparyny uly hasap bilen ýeňip, eýýäm iki ýyl yzygiderli AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda Arkadag bilen Ahal toparlary bäsleşer
Arkadag futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň Goa topary bilen bäsleşer
Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Arkadag futbol toparynyň Andijon topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky duşuşygy deňme-deň tamamlandy