Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyry Aşgabat we Mary şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen başlandy.Oýun gününi Aşgabat şäheriniň Aşgabat topary bilen Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam toparynyň futbolçylary açdy.
Duşuşyk Aşgabat köpugurly stadionynda geçirildi.Duşuşygyň 10-njy minudynda myhmanlar öňe saýlandylar Söhbet Allanurow öz toparynyň derwezesine pökgi geçirip, hasap gyzykly ýagdaýda açyldy. 25-nji minutda Serdar Gulyýew Şagadam toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Şeýle-de bolsa, bäş minutdan soň öý eýeleri Nurylla Raimbaýewiň takyk urgusy bilen aratapawudy azaltdy.
Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 3-nji minudynda Şagadam topary Azizbek Bekçanowyň iki sary kart almagynyñ netijeinde meýdançadan çykarylmagy sebäpli azlykda galdy.Muňa garamazdan, Maksat Şamyradowyň şägirtleri üstünligini ösdürmegi başardylar. 59-njy minutda Serdar Gulýew iki pökgi geçirip, hasaby 3:1 ýetirdi we duşuşyk Şagadam toparynyñ peýdasyna gutardy.
Bu Hazar deňziniň kenaryndan gelen toparyň eýýäm ikinji ýeňşi bolup, olar birinji tapgyrda Balkan derbisinde Nebitçi toparyny 1:0 hasabynda ýeňdiler.Altyn asyr topary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda hem ikinji ýeňşini gazandy we paýtagtyň derbisinde Köpetdag toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşyk Aşgabat köpugurly stadionynda geçirildi. Ýazguly Hojageldiýewiň topary Röwşengeldi Halmämmedowyň (33-nji minut), Begençmyrad Myradowyň (55-nji minut) we Mekan Aşyrowyň (67-nji minut) geçiren pökgüleri arkaly ýeňiş gazandy.
Belläp geçmeli zat, Köpetdag topary 19-njy minutda Musaguly Zorjanowyň meýdançadan çykarylmagy sebäpli duşuşygyň köp bölegini azlykda geçirdi.Birinji tapgyrda Altyn asyr topary paýtagtyň derbisinde Aşgabat toparyna garşy oýnap, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Bu duşuşyklardan soň Altyn asyr we Şagadam toparlary 6 utuk bilen ýaryşyň başyna çykdy.Olardan 3 utuk yzda, bir oýun az geçiren Arkadag we Ahal toparlary, şeýle hem Merw topary ýerleşýär.
Merw topary öz meýdançasynda Nebitçi toparyny 4:1 hasabynda ýeňip, möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.Bu ýeňiş erk-islegli boldy: myhmanlar 4-nji minutda Begenç Mämmiýewiň goly bilen öňe çykdy.
Emma soňra Rahmanguly Baýlyýewiň şägirtleri hasaby deňläp, öňe saýlandylar.Merw toparynyň gollaryny Mekan Ýazmyradow (13-nji minut), Awdyresul Abdyýew (22-nji minut), Ali Haýdarow (34-nji minut) we Guwanç Berdimyradow (72-nji minut) geçirdiler. 80-nji minutda Wezirgeldi Ylýasowyň iki sany sary kartoçka alandygy üçin Nebitçi topary oýnuny azlykda tamamlady. 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyry Arkadag bilen Ahal toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.
