Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi

Şu gün — 15-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy Ahal topary Aşgabat toparynyň garşysyna geçiren duşuşygyny 3:1 hasabynda öz peýdasyna tamamlap, toplan 16 utugy bilen öňdäki orny eýelemegini dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli Şagadam paýtagtymyzyň Köpetdagyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 13 utuk toplan Şagadam ikinji orny eýeleýär.

Ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýän Altyn Asyr topary hem bu tapgyryň duşuşygyny öz peýdasyna tamamlady. Paýtagtymyzyň topary Marynyň Merwini 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Maryda ýerli Energetik bilen Nebitçiniň arasyndaky duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy 2:0.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy noýabrda geçiriler: Aşgabat Şagadam, Nebitçi Altyn Asyr, Köpetdag Energetik, Merw Ahal.

6-njy tapgyryň duşuşyklary:

Ahal Aşgabat 3:1

Gollar: 68, 77 Arslanmyrat Amanow, 90+5 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew (Ahal) 55 Döwran Orazalyýew (Aşgabat) Duýduryşlar: 16 Şöhrat Söýünow, 22 Didar Durdyýew, 56 Ata Geldiýew (Ahal) 32 Röwşen Baýlyýew, 57 Döwran Hojamämmedow, 67 Myrat Amantaganow, 90+5 Ezizmämmet Orazmämmedow (Aşgabat) Meýdandan çykarylan: 70 Myrat Amantaganow, ikinji duýduryş (Aşgabat) Geçirilen ýeri: Aşgabat stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.) Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.) Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Şagadam Köpetdag 3:1

Gollar: 7 Kerim Hojaberdiýew, 73 Yhlas Magtymow, 82 Möwlamberdi Goşşanow (Şagadam) 90 Serdar Baýramow (Köpetdag) Duýduryşlar: 61 Ýewgeniý Tkaçenko, 79 Yhlas Magtymow, 84 Nazar Towakelow (Şagadam) 39 Baýram Ataýew, 60 Elýas Akyýew, 73 Döwletýar Berdiýew, 79 Yhlas Saparmämmedow, 87 Bagtyýar Gürgenow (Köpetdag) Geçirilen ýeri: Şagadam stadiony (Türkmenbaşy ş.) Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

Energetik Nebitçi 2:0

Gollar: 5 Tirkiş Muhammetberdiýew, 76 Perman Hallyýew (11 m.j.u.) (Energetik) Duýduryşlar: 90+3 Begmyrat Pirkuliýew (Energetik) 75 Begli Meredow, 90+4 Alibek Abdyrahmanow (Nebitçi) Geçirilen ýeri: Energetik stadiony (Mary ş.) Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.) Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

Altyn Asyr Merw 2:1

Gollar: 18 Döwletgeldi Mirsultanow (öz derewezesine), 48 Mihail Titow (Altyn Asyr) 79 Serdaraly Ataýew (Merw) Duýduryş: 74 Begenç Alamow (Merw) Geçirilen ýeri: Sport toplumy stadiony (Aşgabat ş.Büzmeýin etr.) Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: şu gün çärýek final duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler