Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Wilýarreal çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek meselesini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Wilýarreal çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek meselesini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow we TFF-nyň Baş sekretary Serdar Geldiýew Ispaniýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän Wilýarreal futbol klubynyň akademiýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň barşynda çagalar we ýetginjekler futbolyny ösdürmek boýunça tejribe alyşmagyň we hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem tälimçileri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmak meselesine aýratyn üns beridi diýip, TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Osimheniň het-trigi
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Diňe 2 klub gol geçirtmedi