Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady. Ýylyň jemleýji reýtingi düýn ― 21-nji dekabrda yglan edildi.

Halkara gurama türkmen ýygyndysyna 1078,75 utuk berýär. Ýygyndy Filippinlerden bir basgançak aşakda, Antigua we Barboda döwletinden bolsa bir basgançak ýokarda ýerleşýär.

Mergen Orazowyň şägirtleri 2023-nji ýylda daşary döwletleriň milli ýygyndylary bilen resmi we ýoldaşlyk duşuşyklarynyň sekizini geçirdiler. Şolaryň ilkinjisi 23-nji martda Malaýziýanyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygydyr.

Türkmen ýygyndysy tamamlanyp barýan ýylda ahyrky duşuşygyny 21-nji noýabrda Dünýä kubogy ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gonkongyň ýygyndysy bilen geçirdi. 2023-nji ýylda ýygyndynyň ýeňşi ýok, üç sany deňligi bar.

2023-nji ýyly Argentinanyň ýygyndysy sanawyň birinji ornunda tamamlady. Ilkinji üçlükde Fransiýa bilen Angliýa bar.

Reýting indi 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda täzeleniler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň 10-njy ylmy makala ýygyndysy neşir edildi
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde bir basgançak ýokary göterildi
FIFA-nyň zenanlar ýygyndylary boýunça reýtingi: Türkmenistan 2023-nji ýyly näçenji orunda tamamlady?
Dünýä Syýahat deňiz syýahatçylygyny hödürleýär
Kolumbiýada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy