Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky resmi duşuşyklary iýuna süýşürildi

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky resmi duşuşyklary iýuna süýşürildi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Dünýä çempionaty ― 2022-niň mart aýyndaky saýlama duşuşyklarynyň aglabasynyň şu ýylyň iýun aýyna geçirilendigini resmi ýagdaýda habar berdi.

Martda diňe Saud Arabystany bilen Ýemeniň (25-nji mart, Er-Riýad), Nepal bilen Awstraliýanyň (30-njy mart, Katmandu), Mongoliýa bilen Ýaponiýanyň (30-njy mart, Tiba, Ýaponiýa) we Täjigistan bilen Mongoliýanyň (25-nji mart, Duşenbe) arasyndaky duşuşyklar geçiriler.

Şeýlelikde, beýleki milli ýygyndylar bilen birlikde Türkmenistanyň ýygyndysynyň hem mart aýynda meýilleşdirilen duşuşyklary iýuna geçirildi. Milli ýygyndymyzyň Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň futbolçylary bilen H toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Owazy kalplaryň baky myhmany
Eýran: Sebitiň howpsuzlygy, ABŞ-nyň bu ýerden çekilmegi bilen üpjün edilip bilner
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi