Türkmenistanyň Gazagystana eksporty iki essä golaý artdy

Türkmenistanyň Gazagystana eksporty iki essä golaý artdy

Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen önümleriň möçberi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99,2% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma önümleriniň eksporty 11,6 esse, taýýar trikotaž önümleriniň eksporty bolsa 5,1 esse artdy. Häzirki zaman dokma senagatynda giňden ulanylýan himiki süýümleriň Gazagystana ugradylmagy 11,9 esse, beýleki tikin önümleriniň eksporty bolsa 172,4% ýokarlandy. Mundan başga-da, gaýtadan işlenen pagta önümleriniň eksporty 346,5 esse boldy.

Degişli döwürde Türkmenistandan Gazagystana iberilen dökünleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esse artdy. Bu netije ýurdumyzyň degişli kärhanalarynda önümçiligiň artdyrylmagy esasynda gazanyldy. Şeýle-de mineral ýangyjyň Gazagystana ugradylmagy 155,2% ýokarlandy.

2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen gök önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,6% artdy. Şeýle hem, türkmen telekeçileri goňşy ýurda sabyn we beýleki ýuwujy serişdeleriň üpjünçiligini 65,4% ýokarlandyrdylar.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Gazagystandan eden importy 6,9% ýokarlandy. Import edilen harytlar mebel, elektron we tehnologiki enjamlar, daş, sement we gips önümleri, şeýle hem kagyz we karton önümlerinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow 20-nji maýda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda taraplar söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar
Gazagystanda milli ilat ýazuwy tamamlandy
Gazagystan döwrebap hassahanalaryň gurluşygynda Türkiýäniň tejribesinden peýdalanar
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ýubileý mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi