Türkmenistanyň goranmak ministri katarly kärdeşi bilen duşuşdy

Gulf-times.com-yň fotosuraty

23-nji aprelde, Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew bilen onuň katarly kärdeşi Halid ibn Mohammad Al Attiýanyň arasynda duşuşyk boldy.

Kataryň “Gulf Times” neşiriniň maglumatyna görä, taraplar iki ministrligiň arasynda harby hyzmatdaşlyk barada maslahat etdiler. Beýleki jikme-jiklikler mälim däl.

Berdiýew 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine we Pakistana sapar edip, ol ýerlerde hem öz kärdeşleri bilen duşuşypdy.

Ministr Berdiýew Pakistanda bu ýurduň harby senagaty bilen gyzyklandy we Türkmenistanda harby senagaty ýola goýmakda kömek berilmegini sorady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary BAE-niň goranmak ministri bilen duşuşdy
Praýsyň 2-nji Attiýanyň 3-nji Nikolaýewiň 4-nji çempionlygy
Dakar Rallisi tamamlandy
Ýaşar Güler Katara Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Topjagaza meňzeş tüýli miwe