Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy žurnalistler üçin brifing geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy žurnalistler üçin brifing geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Tbilisi şäherinde geçirilen onlaýn brifing 2022-nji ýylyň ýurdumyzda Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilmegine hem-de 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna bagyşlandy.

Çärä TV-24 teleýaýlymynyň, The Georgian Business Week neşiriniň, News Day Georgia habarlar agentliginiň, Geoecohub elektron neşiriniň, Резонанс, Многонациональная Грузия, Свободная Грузия, Комсомольская правда ýaly gazetleriň žurnalistleri, syýasatşynaslar, Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň, Grigol Robakidze adyndaky uniwersitetiň hem-de ýurduň Milli ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanda ähli ulgamlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle-de 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda saýlaw uçastogy dörediler.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi
Gruziýanyň uçar ýangyjy boýunça importynyň 44,1%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda