Tbiliside Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Tbiliside Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Türkkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, bu çärär TV-24, 1TV teleýaýlymlarynyň, The Georgian Business Week, News Day Georgia, Inter Press News habarlar agentlikleriniň, Geoecohub onlaýn neşiriniň wekilleri, şeýle hem Резонанс, Многонациональная Грузия, Свободная Грузия, Комсомольская правда gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda 2024-nji ýylda döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçirilýändigi barada aýtdy.

Ilçi, bu sene bagyşlanyp meýilleşdirilýän ýokary derejedäki dabaraly çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap ýazan atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Ol sözüni dowam etmek bilen, ýurdumyzyň bagtly we ýagty geljegi üçin döwlet gurluşygynda ýaşlaryň ornuny ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başyny başlan asylly işleriň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdi.

Bu tegelek stola gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde şular ýaly çäreleri geçirmegiň möhümdigi nygtadylar.

Hususan-da, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebia öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ugry döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistan bilen Gruziýa bilelikde alyp barýan işleri döredijilik hyzmatdaşlygyň ajaýyp däpleriniň bardygyny belläp geçdi.

Geoecohub elektron neşiriniň Baş redaktory Liana Žoržoliani çykyşynda diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem dünýä edebiýatyny hem ýokarlandyrýan ajaýyp söz ussady we filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň onuň baý edebi mirasynyň dünýäde has giňişleýin öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine goşant goşjakdygyny aýratyn belläp geçdi.

Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Magtymguly Pyraga bagyşlanan film görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi
ЗНАЧИМОСТЬ ПОСТОЯННОГО НЕЙТРАЛИТЕТА ТУРКМЕНИСТАНА ОБСУЖДЕНА НА МЕЖДУНАРОДНОМ МЕДИА-ФОРУМЕ В ФОРМАТЕ ВИДЕОКОНФЕРЕНЦИИ
ЗНАЧИМОСТЬ ПОСТОЯННОГО НЕЙТРАЛИТЕТА ТУРКМЕНИСТАНА ОБСУЖДЕНА НА МЕЖДУНАРОДНОМ МЕДИА-ФОРУМЕ В ФОРМАТЕ ВИДЕОКОНФЕРЕНЦИИ
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy žurnalistler üçin brifing geçirdi