Türkmenistanyň günortasynda ýylyň ilkinji gary ýagdy

Türkmenistanyň günortasynda ýylyň ilkinji gary ýagdy

Aşgabadyň golaýyndaky Köpetdag daglaryna ýylyň ilkinji gary ýagdy. Belent binalaryň penjirelerinden şäherliler ajaýyp landşaftlara — açyk gök asmanyň fonunda başy ak daglara tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

23-nji oktýabrda türkmen senenamasyna görä, Akrap döwri başlady. Akrap 22-nji noýabra çenli dowam eder. Bu döwür bilen baglanşykly halk arasynda Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp diýilýär.

Düýn, 25-nji oktýabrda Aşgabatda gije-gündiziň dowamynda howanyň temperaturasy +11... 13 derejede bolup, uzakly gün ýagyş ýagdy.

Geçen ýyl Aşgabadyň günortasyndaky daglarda ilkinji garyň 22-nji noýabrda ýagandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Birleşen Arap Emirlikleri Liwandaky Ilçihanasyny Açar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar
Dohadan Damaska Ilkinji Uçar Sapary Guraldy
Indoneziýa BRICS-e Doly Agza Boldy