Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda gazanylan ylalaşyga lazyklykda iki taraply ýagdaýda 25 ýesir boşadyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň töwellaçylygynda Ukraina bilen ýesirleriň çalşylandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Geçirlen gepleşikler netijesinde Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden 25 rus esgeri alyndy. Ukrainaly 25 esger hem yzyna berildi. Boşadylan rus esgerleri Belarusdaky harby merkezlerde saglyk gözegçiliginden geçirler. Esgerlerimiz soň bolsa Moskwada Ministrligimize degişli hassahanalarda bejergi alar” diýildi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda “25 esgerimiz yzyna dolanýar. Olaryň arasynda agyr ýaralananlar we syrkawlar bar. Her birine degişli bejergi berler” diýdi.

Zelenskiý, BAE-de eden tagallalary sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

30-njy dekabrda hem Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalşypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ukrainaly 522 esgeriň jesedini yzyna berdi, 33 esgeriniň jesedini bolsa kabul edip aldy
“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”
Ysraýyl basyp alyşyk astyndaky Günbatar Şeriada 1 palestinlini öldürdi
Ysraýyl ýesirler bilen bagly beýannama berdi
“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”
Gazada 5 Müňden Gowrak Çaga Ýogaldy