“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”

“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”

Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şyh Muhammed bin Abdurahman Al Sani, Hamas bilen Ysraýyň arasynda ýesirleriň çalşylmagy üçin gepleşik geçirilýändigini aýtdy.

Al Sani, ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen Dohada metbugata beýannama berdi.

Al Sani, Borrel bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Hüjümleriň bes edilmeginiň, ynsanperwer kömeginiň halka ýetirilmeginiň diýseň möhümdigine ünsi çeken Al Sani, “Ilkinji nobatda hüjümler gyssagly bes edilmeli. Gyrgynçylyk, açlyk we zor bilen başga ýere göçürülşik we birnäçe ýyldan bäri dowam edýän gabaw ortadan aýrylmaly” diýdi.

Hamas bilen Ysraýylyň ýakynda ýesirlerini çalşyp biljekdigine ünsi çeken Al Sani, “Hamas bilen Ysraýylyň ýesirlerini çalyşmagy meseelsinde käbir kiçi girim bökdençlikler ýüze çykdy” diýdi.

Gazadaky gabawyň bes edilmegi we ysraýylly ýesirleriň ýagdaýy hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Al Sani, halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygyna garşy tutanýerli tutum alyp barmaklary üçin çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Guterriş Hüjümleriň Dessine Bes Edilmegine Çagyrýar
Ysraýyl Çaknyşyklara 4 Sagat Arakesme Bermegi Kabul Etdi
Ysraýyl ýesirler bilen bagly beýannama berdi
Gazada 5 Müňden Gowrak Çaga Ýogaldy