Gazada 5 Müňden Gowrak Çaga Ýogaldy

Gazada 5 Müňden Gowrak Çaga Ýogaldy

Palestinanyň Bilim ministrligi, Ysraýylyň harby goşunynyň gabaw astyndaky Gaza Sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi okuwçylardan ybarat 5 müňden gowrak çaganyň öldürlendigini mälim etdi.

Palestinanyň Bilim ministrligi, “20-njy noýabr Bütindünýä Çaga hak-hukuklary güni” mynasibetli ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, “7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde 3 müňden gowragy okuwçy bolmak bilen 5 müňden gowrak çaga ýogaldy” diýildi.

Beýannamada, Ysraýylyň gabawy astyndaky Günbatar Şeriýada hem 23 okuwçynyň ýogalandygy bellenildi.

Beýannamada, çaga we bilim hukugyna goldaw berýän ähli guramalara jogapkärçilikli hereket etmekleri üçin çagyryş berildi.

Palestinaly Ýesirler jemgyýeti hem “20-njy noýabr Bütindünýä Çaga hak-hukuklary güni” mynasibetli Ysraýyl tarapyndan saklanan palestinaly çagalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada Ysraýylyň diňe oktýabr aýynda 145, täze ýyldan bäri hem 880-den gowrak çağany saklandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl basyp alyşyk astyndaky Günbatar Şeriada 1 palestinlini öldürdi
Ysraýyl ýesirler bilen bagly beýannama berdi
“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”
Ysraýyl Bilen Hamas Ýesirlerini Çalyşdy
Ysraýyl bilen Hamas 2-nji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdylar
Ysraýylyň harby güýçleri ýene-de 20 palestinalyny göz tussaglygyna aldy