Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy meselesinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda Ysraýylyň tussaghanalaryndaky 24-i zenan 15-i hem 18 ýaşyna ýetmedik ýetginjek bilen birlikde 39 palestinaly ýesir boşadyldy.
Hamasyň ysraýylly 13 ýesiri boşatmagnyň yzyna ýanyndan basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýanyň Ofer tussaghanasyndaky palestinaly 39 ýesir Halkara Gyzylhaj komitetiniň ýolbaşçylarynyň gözegçiliginde boşadyldy.
Palestinanyň we Hamasyň baýdaklaryny göteren ýüzlerçe palestinaly, boşadylan ýesirleri garşylamak üçin Günbatar Şerianyň Betunýa etrapçasynda bir ýere jemlenişdi.
Ysraýylly esgerler, Betunýada bir ýere jemlenşen palestinalylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Wakalardan gysga wagt soň boşadylan palestinaly ýesirler awtobuslar bilen Betunýa geldi.
Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda çaknyşyklara 4 günlük ynsanperwer arakesme berilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk 24-nji noýabrda anna güni ýerli wagt bilen 07.00-da güýje girdi.
Ylalaşyga laýyklykda Hamasyň elindäki 50 ýesir bilen Ysraýylyň tussaghanalaryndaky 150 palestinaly boşadylar. Boşadyljak ýesirler iki tarapda hem zenanlardan we çagalarda ybarat bolar.
