Türkmenistanyň günortasyndaky Nohur obasynda ýer yrandy

14-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen 14:38-de, Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän Nohur obasyndan uzak bolmadyk ýerde 3,8 magnitýud güýjündäki ýertitreme boldy. Bu barada “earthquake-report.com” saýty habar berýär.

Saýtyň maglumatyna görä, episentr, ýertitremäniň ojagy 10 km çemesi çuňlukda ýerleşýär, ýöne gowy ýeri, sarsgyn beýle güýçli bolmady we ýykgynçylyga getiren bolmasa gerek.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi
“Azatlyk” radiosy awgustda gelen siliň wideosyny çap etdi