Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanan medallary 18-e çykdy

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanan medallary 18-e çykdy

Türkmenistanly pälwanlaryň Özbegistanyň Jizak şäherinde guşakly göreş boýunça geçirilýän Aziýanyň çempionatynda gazanan medallarynyň sany 18-e çykdy. Alyş göreşiň nusgawy görnüşi boýunça 7 medal gazanan türkmen türgenleri erkin we bilbagly görnüşlerinde hem 11 medalyň eýesi boldular.

Erkin görnüş boýunça zenanlaryň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Öwülýakulyýewa , erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli derejede Abdy Durdyýew we 100 kilogramdan ýokary agram derejede Nurmuhammet Baýdogdyýew (üçüsi hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary) dagylar altyn medala mynasyp bolan bolsalar, harby gullukçylar Arslan Aşyrgeldiýew 70 kilograma çenli derejede, Rozymyrat Medow 80 kilogramdan ýokary derejede, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agramda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Aýnur Faýzullaýewa bolsa 75 kilogramda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Bilbagly göreşinden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hajymyrat Suhanow 57 kilogram agram derejesinde kümüş medal gazandy. Şeýle üstünlige ýetmek 68 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Guwanç Hemraýewe hem miýesser etdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Kamila Pardaýewa (66 kg) hem-de Jemal Öwülýakulyýewa (76kg) gazanan bürünç medallary bilen Türkmenistanyň baýrak gaznasynyň üstüni ýetirdiler.

Bu ýaryşa 11 ýurtdan iň güýçli pälwanlaryň ýüzlerçesiniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda 12 medal gazandylar
03.09.2018 | Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda ýene-de 9 medal gazanyldy
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda ýene-de 9 medal gazanyldy