Türkmenistanyň häkimiýetleri uçurymlar üçin “soňky jaňy” baýram etmek maksatnamany düzdiler

Türkmenistanyň häkimiýetleri uçurymlar üçin “soňky jaňy” baýram etmek maksatnamany düzdiler

19-njy maýda geçen Ministrler Kabinetiniň sammitinde ylym,bilim,saglyk we sport boýunça wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew mekdeplerde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyklar barada hasabat berdi. Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.

Emeldaryň sözlerine görä, ähli mekdeplerde “Arkadagly zamana”şygary bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler.

Ol Garaşsyzlyk heýkeline we prezident Serdar Berdimuhamedowyň babasy Berdimuhamet Annaýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji mekdepde diklen heýkeline gül çemenlerini goýmak dabaralary bilen başlanar.

Munuň heýkele gül çemenleri goýmak üçin ähli mekdep okuwçylarynyň Yzgant obasyna gitjekdigini aňladýandygy anyk däl.

Kiçi Berdimuhamedow maksatnamany makullap, “Soňky jaň” dabarasynyň Türkmenistanly ýaşlarda gowy ýatlama bolup galmalydygyny tekrarlady.

Türkmen häkimiýetleri her ýylda meýletin-mejbury ýagdaýda dürli dabaralary gurnap,olara mekdep okuwçylary gatnaşmaga mejbur edilýärler: ýadygärliklere gül goýulýar, köçelerde ýörişler geçirilýär, konsertler we beýleki çäreler gurnalýar.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň gözegçiligi bolmazdan ýaş adamlaryň ýygnanmaklary gadagan we resmi dabaralaryndan soňra adamlaryň öýlerine dargamagy talap edilýär.

Kafeleriň we restoranalryň eýelerine uçurymlaryň dabralaryny geçirmek gadagan edilýär.Adatça, mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň gutardyş dabaralaryny öýlerde gurnaýandyklary barada “ÝuTübede” we beýleki sosial ulgamynda wideýo ýazgylar goýulýar.The post Türkmenistanyň häkimiýetleri uçurymlar üçin “soňky jaňy” baýram etmek maksatnamany düzdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda Türkmenabatda bir bazar gaýtadan açyldy
Aşgabatda bazarlar, kafeler we restoranlar açylýar. COVID-19 ýoklugynyň kepilnamasy talap edilýär
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary