Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurdyň howa menzillerinde türkmen ýangyjyny satmak barada Britaniýanyň “Coyne Airways” şirketine lisenziýa berdi

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurdyň howa menzillerinde türkmen ýangyjyny satmak barada Britaniýanyň “Coyne Airways” şirketine lisenziýa berdi

“Coyne Airwaýs” (düýbi Londondaky Britan ýük howa şirketi) russiýanyň howa giňişliginden sowa geçmäge mejbur bolýandygy üçin ýangyja ummasyz çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz howa ýük şirketlerine Türkmenistanda arzan awiýaýangyç teklip edýär diýip “The Loadstar” neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri “Coyne Airwayse”ýurdyň dürli sebitinde ýangyç satmak barada lisenziýa berdi:Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenbaşyda.

FlightRadar24-iň maglumatlaryna görä, Gürjüstanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň howa giňişligi arkaly uçuşlaryň sany 150-den 2000-e ýetdi.Russiýanyň howa giňişliginden sowa geçmek zerurlygyna uçuşlary iki-üç sagat dowam eden uçarlar duçar bolýarlar.

Bu bolsa, ýangyja çykdajylary artdyrýar,şol sanda, uçarlaryň tehniki hyzmaty, ekipajy we ätiýaçlygy üçinem çykdajylar köpelýär.Olaryň bir sagady 8 müň dollara deň bolmagy ähtimal.

“Biz Türkmenistanda ýangyç guýmak mümkinçiligini gözden geçirip, çykdajylary 30 müň dollar çemesi azaltmagyň mümkinidigini hasapladyk” diýip “Coyne Airwaysiň” baş ýolbaşçysy Larry Koýn aýdýar.

“Ähli uçar gatnawlaryna ýangyç guýmak zerur bolmaýar. Emma, köp uçarlar eýýäm, Bişkekde we Almatyda saklanýarlar. Hytaýa uçuşda Türkmenistan göni ýolda ýerleşýär we uçarlaryň ýollaryny üýtgetmegine zerurlyk ýok. Mundan başgada,türkmen ýangyjy bäsdeşlere garanda, 200-250 dollar arzan” diýip ekspert belleýär.

Türkmenistanyň howa menzilleri eltip bermek bilen ýangyjyň tonnasyny 850 dollardan teklip edýär.

Şol sanda, Daşoguzyň we Marynyň howa menzilleri mugtuna gonmak we çäkli wagtda hyzmat teklip edýärler. Gysga wagtlyk saklanmak üçin ekipaja wiza zerur däl.

Koýnyň bellemegine görä, sebitiň howa menzillerinde ýangyç guýmak takmynan, 94 müň 354 dollara deň.Türkmenistan bolsa, iki howa menzilde (Maryda we Daşoguzda) mugtuna gonuş bilen ýangyç guýmak üçin 67 müň 429 dollar teklip edýär.Galan iki howa menzilde (Aşgabatda we Türkmenbaşyda) gonuş tölegi uçaryň iň ýokary uçuş agramyny göz öňünde tutup hasaplanýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, Larry Koýn Türkmenistanda 17 ýyllap işläpdi. Bu bolsa, onuň “pugta gatnaşyklaryny” üpjün edipdi.

Howa şirketi hyzmatdaşlyk eden döwründe Türkmenistan üçin enjamlar satyn alypdy we uçarlary kireläpdi.

“Häzir biz ýurdyň üstünden geçýän uçarlara ýangyç guýmaga ýol berýän ylalaşyga gol goýdyk. Türkmenistan girdeji bilen gyzyklanýar” diýip Larry Koýn aýdýar.

Britan şirketiniň resmi internet saýtynda bahalaryň her aý täzelenjekdigi takyklanýar.

2022-nji ýylyň ýanwarynda “Coyne Airways” “Türkmenistan howaýollary” bilen täze ylalaşyga gol goýandyklaryny we onuň Frankfurtdan Aşgabada uçuşlary täzeden ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini habar beripdi.The post Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurdyň howa menzillerinde türkmen ýangyjyny satmak barada Britaniýanyň “Coyne Airways” şirketine lisenziýa berdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Gazak resmisiniň wiza meselesi boýunça türkmen tarapynyň jogabyna garaşmagy synçylary 'geň galdyrdy'
Connect for Peace Festival 2026 festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi
GREENGO we AGG Lighting dükanlary täze Nilson brendini hödürleýär
5 milliard dollardan geçen animasiýalar seriýasy
AGG Lighting innowasion magnitli trek yşyklandyryş ulgamlaryny hödürleýär