5 milliard dollardan geçen animasiýalar seriýasy

“Universal Pictures” studiýasynyň önümi bolan “Görnüksiz men” (Despicable Me) animasiýalar seriýasynyň prokatdan umumy ýygnany 5 milliard dollardan geçdi. Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän “Görnüksiz men 4” multfilminiň prokatlardan 438 million dollar toplamagyndan soň umumy seriýanyň girdejisi 5 milliard dollardan köp boldy. Şeýlelikde, “Görnüksiz men” animasiýalar seriýasy 5 milliard dollara ýeten ilkinji animasiýa franşizasy hökmünde hasaba alyndy.

Ilkinjisi 2010-njy ýylda ekranlara çykan animasiýanyň 4 multfilmi (Görnüksiz men 1-2-3-4) hem-de spin-off (esasy filmiň bir gahrymanyň aýratynlykda başdan geçirmesi) multfilmi, ýagny ýanama filmi “Minionlar” animasiýasanyň 1-2-nji bölümleri halk köpçüligine ýetirilipdi.

Umumylykda 6 multfilm üçin 479 million dollar çykdajy edildi.Seriýanyň iň köp girdeji gazanan bölümi 2015-nji ýyldaky “Minionlar” hem-de 2017-nji ýylda ekranlara çykan “Görnüksiz men 3” multfilmleridir. Ýeri gelende bellesek, “Minionlar 3” multfilmi-de 2027-nji ýylda ekranlara çykar.

Iň köp girdeji gazanan animasiýa franşizalarynyň sanawynda “Görnüksiz men” animasiýalaryndan soň 2-nji ýeri “Şrek” (Shrek), 3-nji orny-de “Oýnawaçlaryň hekaýasy” (Toy Story) animasiýalary eýeleýär. “Şrek” animasiýalar franşizasy “Şrek” hem-de “Ädikli pişik” multfilmlerini, jemi 6 sany ekran eserini özünde jemläp, 4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. “Oýnawaçlaryň hekaýasy” bolsa 4 esasy bölüm hem-de spin-off multfilmi “Bazz Laýtýer” (Lightyear) bilen bilelikde 5 ekran eseri prokatlardan 3 milliard 270 million dollar kassa ýygymyny toplady.

Ýene degişli makalalar

Jozef Baýden Ford zawodynyň resmi taýdan hödürlän täze awtoulagynyň ilkinji alyjysy boldy
Aşgabatda meşhur orkestriň konsertleri geçdi
Tomusda okalmaly kitaplar
Kakalar gününde ekiz bäbegiň kakasy boldy
Lightyear niderland kompaniýasynyň elektromobili bir zarýad bilen 710 kilometr geçdi
Kitap söýüjiler üçin myhmanhana