Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýew garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgininiň hem-de köpugurly kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde gurlan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine — Arkadag şäherine bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler barada maglumat berdiler.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlaýarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi