Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, onda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere garaljakdygyny we beýleki käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýyladyş möwsümine taýýarlygy, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlaglary geçirildi. Şeýle-de ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik togy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän gaz turbinalarynda, bug turbinalarynda hem-de dürli güýjenmeli elektrik geçiriji howa ulgamlarynda, dürli kuwwatlyklardaky transformator beketlerinde abatlaýyş işleriniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigi barada habar berildi.

Dürli howa şertlerinde esasy awtoulag gatnawly ýollarda ulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi.

Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirildi.

Hususan-da, degişli meýilnama, ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň sanawy düzüldi, olary durmuşa geçirmegiň möhletleri kesgitlenildi. Şeýle-de "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýanynda we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite iş toparlary döredildi.

Gyş möwsüminde sarp edijileri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi.

Soňra döwlet ministri — "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy B.Amanow pudakda güýz-gyş möwsüminde içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilik desgalarynda abatlaýyş we düýpli bejergi işleri ýerine ýetirildi, ýöriteleşdirilen enjamlar tehniki taýdan gözden geçirildi hem-de degişli bölekler zerurlyga görä täzelenildi. "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan ýerlerde ugurdaş, hususan-da, ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna we ulanyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew pudakda güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Möwsümleýin çäreler bilen bir hatarda, maldarçylygy ösdürmek, iri şahly mallaryň baş sanyny we pudagyň önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, iým binýadyny gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi habar berildi.

Mallaryň ýyly we dok gyşladylyşyny üpjün etmek üçin alnyp barylýan çäreler barada-da hasabat berildi.Häzirki wagtda iým taýýarlamak we olary maldarçylyk hojalyklaryna ugratmak, gyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ilaty ter gök, miwe we beýleki oba hojalyk önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök we beýleki ekinleri ýygnap almak, olary bellenilen kadalara laýyklykda sowadyjy ammarlarda ýerleşdirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, çörek bişirilýän we önümçilik bölümleriniň, ýyladyşhanalaryň, beýleki önümçilik desgalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň howpsuz ulanylyşyny üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreler geçirilýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda güýz-gyş möwsümi boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şäher häkimligi tarapyndan beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde 2022-2023-nji ýyllaryň gyş möwsüminde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we ýylylyk bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada habar berildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan binalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, orta mekdepler, saglygy goraýyş desgalary, şeýle-de edara-kärhanalar ýylylyk bilen üpjün edilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny gyş möwsüminde elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin, elektrik beketlerinde, paýlaýjy elektrik geçirijilerde degişli işler geçirilýär.

Aýazly günlerde awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, Jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan doly taýýarlyk çäreleri görüldi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görlüşine degişli çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň ýyladyş, energiýa, gaz üpjünçiliginiň degişli derejede işlemegi üçin zerur işleriň geçirilendigi, howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine seljerme işleriniň amala aşyrylandygy habar berildi.

Welaýatyň çäklerindäki mekdeplerde, çagalar baglarynda, saglyk ulgamyna degişli binalaryň we desgalaryň ýyladyş ulgamy tebigy gaz bilen üpjün edilýär. Şeýle-de güýz-gyş möwsüminiň dowamynda ýyladyş desgalarynyň kadaly işledilmegi üçin elektrik we gaz beketleri gözden geçirilip, suw howdanlarynyň, suw göteriji enjamlaryň daşky örtükleri abatlanyldy. Ýyladyş ulgamlarynyň hem-de bug gazanlarynyň abatlaýyş işleriniň geçirilendigi, tehniki gözegçilik işleriniň amala aşyrylandygy, bug gazanlar, energetika, gaz, suw geçiriş we jemagat hojalygy kärhanalarynyň üznüksiz hem-de howpsuz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berildi.

Öz nobatynda, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew gyş möwsüminde mekdepleriň, çagalar baglaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýyladyş, elektrik ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň ähli edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň gazanhanalarynda we ýylylyk geçirijilerinde abatlaýyş işleri geçirildi, ýyladyş desgalary möwsüme doly taýýar edilip, häzirki wagtda kadaly işledilýär. Şeýle-de olaryň ýyladyş ulgamy, tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün edilýändigi we gündelik gözegçilikde saklanylýandygy barada hasabat berildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ilaty ýylylyk elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, bu ugurdaky işleriň taýýarlanylan meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Hususan-da, elektrik we gaz ulgamlary abatlanyldy, elektrik beketlerinde arassaçylyk işleri geçirildi, ýerlerde gaz hem-de elektrik enjamlary barlanyldy.Mekdeplerde, çagalar baglarynda, durmuş ugurly beýleki desgalarda ýylylygyň üpjün edilmegine gözegçiligiň ýola goýlandygy, zerurlyga görä, ýerlerde bejeriş-dikeldiş işleriniň ýerine ýetirilýändigi habar berildi.

Welaýatyň agyz suw ulgamynda taýýarlyk işleriniň çäklerinde suw arassalaýjy desgalarda, suw howdanlarynda, eltiji we paýlaýjy suw geçirijilerinde möwsüme taýýarlyk işleri talabalaýyk alnyp baryldy. Häzirki wagtda welaýatyň ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär hem-de ilatymyzyň, edara-kärhanalaryň ýylylyk, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanylýar.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny, ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk, agyz suwy, şeýle-de welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň we şäherçeleriniň ilatyny elektrik energiýasy, gaz bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Sebitiň etrapdyr şäherlerinde bar bolan ýyladyş gazanlarynyň we ulgamlarynyň bejergi, abatlaýyş işleri geçirilip, olar möwsüme doly taýýar edildi.Elektrik we gaz beketleriniň ýyladyş enjamlarynyň abatlyk ýagdaýy gözden geçirildi, suw geçiriji ulgamlary abatlanyldy, olaryň işleýşine gözegçilik ýola goýuldy.

Häzirki wagtda welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamy, ilatyň we edara-kärhanalaryň tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi kanagatlanarly ýagdaýda bolup, yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2022-2023-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýylylyk, gaz, suw, energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň öňdäki möwsüme doly taýýarlygy gözden geçirildi, ähli desgalaryň degişli derejede işlemegini üpjün etmek üçin olarda abatlaýyş işleri amala aşyryldy.

Sebitde ýerleşýän ugurdaş düzümleriň, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işini degişli derejede saklamak üçin maksatnamalaýyn esasda çäreler görüldi.Häzirki wagtda welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamlary hem-de ilatyň, edara-kärhanalaryň tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi kanagatlanarly ýagdaýda bolup, gündelik gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, ilaty, ýaşaýyş-durmuş desgalaryny, kärhanalary we guramalary ýyladyş, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de beýleki jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmekde ähli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyny nygtady.

Aýratyn-da, bu meselede mekdeplere, çagalar baglaryna we hassahanalara uly üns bermeli diýlip bellenildi we möwsüme öz wagtynda, talabalaýyk taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň çözülmeginde ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, aýratyn-da, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň jogapkärçilik çekýändiklerini belläp, wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa hem-de onuň garamagyndaky düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, sarp edijileri nebit önümleri we gaz bilen üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary A.Ýazmyradowa, toplumyň we welaýatlaryň ýolbaşçylaryna ilatly ýerleri, halk hojalygynyň pudaklaryny suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de degişli gulluklar bilen bilelikde welaýat derejesinde barlag toparlaryny döredip, kärhanalarda hem-de edaralarda, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş desgalarynyň işleýşine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna wise-premýeriň we welaýat häkimleriniň ünsüni çekdi. Şunda möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna güýz-gyş möwsüminde sarp edijilere elektrik energiýasynyň bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi we elektrik stansiýalarynda möwsümleýin abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de raýatlar tarapyndan elektrik enjamlarynyň howpsuz ulanylmagy berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ähli degişli gulluklarynyň güýz-gyş möwsümindäki meýilnamalaýyn işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmegi babatda görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede we radioda elektrik energiýasyny, tebigy gazy talabalaýyk ulanmak, ýangyn howpsuzlygy boýunça hünärmenleriň çykyşlaryny, "Türkmengaz" döwlet konserni, Energetika we Içeri işler ministrlikleri bilen bilelikde degişli wideoşekilleriň görkezilişini guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de möwsümiň dowamynda pudagyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda we okuw otaglarynda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa, şeýle-de toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, aýratyn-da, çagalar baglarynda, orta we ýokary orta mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýyladyş gazanlarynyň, energetika, gaz, suw hem-de jemagat hojalyklarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, olaryň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerine şäher, welaýat, şäherara ýollarda sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, obalaryň hem-de şäherleriň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen bagly maliýe meseleleriniň wagtynda çözülmelidigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammitiniň dowamynda bu maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin "Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy" atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Mejlisiň deputatlary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, Döwlet Maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini düşündirmek hem-de wagyz etmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň döredijilikli zähmetine gönükdirilen kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli parlamentiň wekillerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda alnyp barylýan işleri, daşary we içeri syýasatyny wagyz etmekde, düýpli özgertmeleriň many-mazmunyny düşündirmekde uly orun degişlidir.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy "Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy" atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlap, täze taryhy döwrüň wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda iş toparlarynda kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerine yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar, welaýatlary ösdürmek boýunça geçirilýän işler, ilatyň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilýän şertler bilen ýerinde içgin tanyşýar.

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslama, şeýle-de onuň ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy, welaýatyň täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gündelik gurluşyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy hem-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin gymmatly maslahatlary berdi.

Hormatly Arkadagymyz 7-nji oktýabrda metjidiň ýerleşjek ýerinde ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haky serişdeleriniň hasabyna toý sadakasyny berdi.Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda dine uýmak erkinligi babatda beýan edilen kepillendirmeleriň ýurdumyzda berjaý edilýändiginiň subutnamalarynyň biridir.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdylanda, şu ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa — Ýuwaş umman sebiti forumy boýunça wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda parlament derejesinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler, emele gelen kämil kanunçylyk ulgamynyň artykmaçlyklary we beýlekiler babatda geçirilýän çärelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň täze taryhy eýýamyň maksatlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de halkara giňişlikde başlangyçlarymyzy ilerletmek işine goşýan goşandynyň wajypdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürilmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmek babatda, jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebit önümlerini ekologik talaplara laýyklykda saklamak işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

"Türkmennebit" döwlet konserniniň degişli kärhanasynyň üsti açyk ýer ammarlarynda saklanýan ýangyç mazudynyň hapalanmagynyň, şeýle-de daşky gurşawa zyýan ýetirmeginiň we ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyç mazudyny polat çeleklerde saklamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada habar berildi. Şu maksat bilen, dik polat çeleklerini satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebiti gaýtadan işleýän senagatyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri çykarmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatlarda bugdaý ekişiniň, bugdaý ekilen meýdanlara mineral dökünleri bermek hem-de gögeriş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygnap almak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan daýhan hojalyklarynyň we hususy önüm öndürijileriň döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alyp barýan işleri seljerilip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak arkaly iri daýhan hojalyklaryny we hususy önüm öndürijileri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmakda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäklerinde "Ýylyň türkmen edermen alabaýy" atly halkara bäsleşigiň ikinji we jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň maddy we medeni mirasymyzy gorap saklamakdan hem-de dünýäde wagyz etmekden ybaratdygyny aýtdy.Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işiniň ösdürilmegi, bu täsin tohumyň baş sanynyň artdyrylmagy şu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyk işlerini, senagatyň beýleki pudaklaryny, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli gurluşyk armaturasy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin "Türkmendemirönümleri" döwlet kärhanasynda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmegiň, onuň önümçilikde zerur bolan himiki serişdeler, oda çydamly materiallar hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň möhümdigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleriň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabat diňläp, degişli toplumlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi we gurluşyk senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, onuň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaýyn düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan bu ugurda talabalaýyk işler geçirilýär.

Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman iş tejribesini hasaba alyp ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer serhetýaka söwda zolaklarynyň meýdany we ýerleşjek ýerleriniň çäkleri boýunça teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, doganlyk we dostlukly ýurduň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýratyn belledi. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagy hem munuň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly peýdalanmak arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dostluk festiwalyny, özbek tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 16-17-nji noýabrda geçirmek teklip edilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde boljak döredijilik forumynyň gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ders bäsleşiklerine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Karary bilen tassyklanylan "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda" hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda, 2020-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanylan "Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda", 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda tassyklanan "Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda" we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar.

Geçiriljek çärelere ýurdumyzyň we Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.Halkara olimpiadalarda ýeňiji bolanlar dürli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunda bu ulgamda innowasion usullary ulanmagyň, işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň örän wajypdygy nygtaldy.

Ýaşlar syýasaty babatda döwlet syýasatynda kesgitlenen çäreleriň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Bu ugurda bellenilen wezipeleriň berjaý edilmegi ýokary ahlakly, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýelemäge, ýaşlaryň häzirki zaman derejesindäki ýokary bilimleri almagy, olaryň döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, bilim ministri G.Ataýewa berk käýinç yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurdy Özbegistan bolup durýar.

Özbek tarapy bilen bilelikde saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedigini nygtady. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew agentligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we hereket edýän ulag geçelgelerini ösdürmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi hökmünde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag geçelgesi, logistik merkez hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyryp, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini umumy bähbitler üçin peýdalanmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda pugtalandyrmakda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornuny dikeltmek uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz onlarça döwlet tarapyndan netijeli peýdalanylýan ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti barada aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi