Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
