Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň täze kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň täze kitaby neşir edildi

Şu ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň “Dünýäniň yşky” atly täze kitaby neşir edildi diýlip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Zehinli şahyryň “Söýgi sallançagy”, “Gara perişde” ýaly öňki kitaplary hem türkmen okyjylarynyň söýgüsini gazanmagy başardy.

“Dünýäniň yşky” atly täze kitaba awtoryň poeziýa bilen prozanyň arasyndaky özboluşly köprini emele getirýän proza eserleri — şol sanda hekaýalary, oçerkleri we miniatýuralary girizildi.

Ýygyndydaky eserler inçe lirizm aýratynlygy we wakalarynyň beýan edilişiniň täzeçilligi bilen tapawutlanýar.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni belleniler
Welotrek boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi