Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama konserti geçirildi.Ilki bilen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan wideoýazgy görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, şahyr Tuwakgül Gylyjowa, Gara Seýitliýewiň agtygy, Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogulsona Seýitliýewa hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary Gara Seýitliýew hakynda birnäçe ýakymly ýatlamalary aýtdylar.

Konsertiň dowamynda şahyryň sözlerine Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen “Leýla” aýdymy, “Balykçynyň aýdymy” arhiwde wideoşekilli ýazgy esasynda diňleýjilere görkezildi.

Gara Seýitliýewiň sözlerine halypa kompozitorlaryň döreden “Daň şemaly”, “Hallygözel”, “Enejan”, “Ýaşlyk aýdymyny”, “Şahyrym” ýaly birnäçe aýdymdyr sazlary konserwatoriýanyň mugallymlar we talyplary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, ussat şahyrymyzyň goşgularynyň köpüsi kompozitorlar tarapyndan aýdym edilip bagşy-sazandalar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi we halkyň kalbynda hemişelik orun aldy. Gara Seýitliýewiň goşgularyny şirin aýdymlara öwren kompozitorlardan Daňatar Öwezowy, Rejep Gutlyýewi, Andreý Babaýewi, Sahy Jepbarowy, Geldi Ugurlyýewi, Hydyr Allanurowy ýatlamak bolar.

Çeşme: https://www.medeniyet.gov.tm/

Ýene degişli makalalar

Albert Žalilow: Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
Sahna belentligi