Türkmenistanyň harby gullukçylaryna Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Türkmenistanyň harby gullukçylaryna Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler.

Sylaglara mynasyp bolan, harby we ýörite atlary, hünär derejelerini alan harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletiň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň, hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medal bilen sylaglanyldy
10-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
GDA-nyň Baş sekretaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistanyň 6 raýaty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany we Arkadag medaly bilen sylaglandy
Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
TRT Worldyň "Ukrainanyň söweş gündelikleri" dokumental filmi Emmi Sylaglarynyň finalynda bäsleşer
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana çagyrdy