Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. TmCars.info bu Kodekse girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň käbirleri hakynda habar berýär.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny 2021 ýylyň 22-nji noýabrynda resmi çap edildi we ol 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

Ady agzalan Kanuna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalar ýaşy boýunça pensiýa çykyp bilerler. Şeýle hem, häzirki wagtda 230 manat 10 teňňe möçberinde tölenilýän çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly 27 göterimden gowrak ýokarlandyrylyp, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 292 manat 50 teňňe möçberinde töleniler.

Bulardan başga-da 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly şu aşakdaky möçberlerde belleniler:

Binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 390 manat möçberde bellenilendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Birža täzelikleri
Grafeniň esasynda uzak möhletli respirator döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
19.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
21.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy