Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyldan gowrak dowam edýän gatnaşyklaryň ähmiýetini we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, medeniýet hem-de beýleki özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy
Eýran ylalaşygyň çäginde Ormuz bogazyny söwda gämileri üçin açandygyny habar berdi
Tähran durnukly parahatçylygy isleýär, emma geljekki hüjümlerden gorag kepilliklerini talap edýär
“Rus nebiti üçin tölenen her dollar urşa giden puldyr”
Liwanyň günortasynda 1 ysraýylly esger öldürildi, 9 esger ýaralandy
Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi