Türkmenistanyň Ilçisi Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýewiň Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamyndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyň oňyn hem-de dostlukly häsiýeti bellenildi.Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň arasynda öň ýola goýlan özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Türkmenistanda 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilip, muňa laýyklykda mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Şelkunçik film-baletine çagyrýar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (29-njy bölüm)
Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary, Aşgabatdaky K-pop festiwaly süýşürildi, howanyň +46° çenli gyzmagyna garaşylýar we beýleki habarlar
Şarapowanyň ogly dünýä indi
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar