Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşykda Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasy we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli sanly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselesi maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Dima Al-Ýahýa guramanyň alyp barýan işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, ol strategiki maksatlarynyň bir bölegi hökmünde Merkezi Aziýa bilen gurama agza döwletleriň arasynda sanly hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, serhetüsti maýa goýumlaryny ösdürmäge we özara çemeleşmeleri utgaşdyrmak boýunça ýokary derejeli ministrler derejesinde gepleşikleri geçirmäge ähmiýet berýändiklerini belledi.

Ilçi M.Aýazow soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýändigini, bu ugurda 2026-2028-nji ýyllar üçin täze Konsepsiýanyň we Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi
M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ermenistanda Arkadag şäheriniň seýsmiki mikrosebitleýiş işleri tanyşdyryldy
Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy