2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Male şäherinde Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Maldiw Respublikasynyň Daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Ulag-aragatnaşyk we syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
